RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ruyssiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyn...

DOWAMY
pic
12 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de Zenanlaryň Dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklar...

DOWAMY
pic
12 Maý

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň netijeleri jemlendi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabadyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işini tamamlady. Forumyň dowamynda üç ugur boýunça: «Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr», «Daşky gurşawyň...

DOWAMY
pic
12 Maý

Parlamentara gatnaşyklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetli orny barada

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Günüň ikinji ýarymynda Parlamentara forumy öz iş...

DOWAMY
pic
9 Maý

Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy ýurduň Parahatçylyk we Diplomatik ylymlary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl – ösüş ýoly” atly okuw maslahatyny gurnadylar. Bu çärä Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatşynaslar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Yslam...

DOWAMY
pic
6 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
5 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

2022-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkez...

DOWAMY