RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Maý

AşgabatdaTürkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň (Mejlisiň we Halk maslahatynyň) ýolbaşçylary we agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Minsk şäherinde maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarusyň Gaz Institutynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30-ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140-ýyllygyna bagyşlap “Halkara hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ygtybarly we durnukly üstaşyr energiýany geçirmegiň roly” atly maslahat geçirdi. Çärä Belarus Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary O.Prudnikowa, Belarus Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasyn...

DOWAMY
pic
17 Maý

Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri bilen duşuşyk

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady...

DOWAMY
pic
16 Maý

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

2021-nji ýylyň 16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowyň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow garşylady. 17-nji maýda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bi...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

Şu gün, 15-nji maýdа Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly ge...

DOWAMY
pic
14 Maý

«Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy

2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binasynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy göni hem-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Yragyň, Alžiryň, Owganystan Yslam...

DOWAMY
pic
14 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi

2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda dostlukly, ynamdar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolandygy we bu gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikler hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taraplaryň taýýarlygy esasynda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.   Taraplar döwletara gatna...

DOWAMY