RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Endo Toşiaki belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde täze derejä çykandygyny belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle...

DOWAMY
pic
20 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy

2025-nji 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy. Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykar...

DOWAMY
pic
19 Dek

Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi. Şeýle hem Jon Riz Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Myhman pursatdan peýdalanyp...

DOWAMY
pic
18 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Ýaponiýa şu gezekki sapary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “E...

DOWAMY
pic
15 Dek

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler. Tes...

DOWAMY
pic
13 Dek

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suý bilen duşuşygy geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary ýurduň bitaraplyk...

DOWAMY
pic
13 Dek

Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri türkmen tarapyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, H...

DOWAMY