SOŇKY HABARLAR
«Merkezi Aziýa + Owganystan Yslam Respublikasy + Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi
2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Owganystan Yslam Respublikasy + Hytaý Halk Respublikasy» hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ýurtlaryň arasyndaky syýasy-...
Türkmenistan tutuş dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömegini bermegini dowam eder
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
Туркменистан принял участие в мероприятии высокого уровня ООН
8 декабря 2020 года в режиме видеоконференции состоялось мероприятие высокого уровня по объявлению взносов в Центральный фонд реагирования на чрезвычайные ситуации, созданный 15 лет назад в соответствии со специальной резолюцией Генеральной Ассамблеи ООН. По поручению Президента Туркменистана в этом форуме принял участие министр иностранных дел Туркменистана. В выступлении главы внешнеполитического ведомства страны было подчеркнуто, что Туркменистан и его Президент, основываясь на принципа...
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary,...
Daşari işler ministriniň Owgan Yslam Respiblikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi bilen duşuşygy
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ukrain dilindäki tanyşdyrylyş dabarasy
2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş d...
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň gruzin dilindäki tanyşdyrylyş dabarasy
2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...