RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça işjeň häsiýetini belläp geçdiler. BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde...

DOWAMY
pic
2 Noý

Türkmenistan ÝUNESKO bilen netijeli özara hereketlerini işjeňleşdirýär

2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda DIM-niň binasynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji oktýabrynda degişli Karara gol çekip, ýokarda görkezilen Toparyň düzümini we düzgünnamasyny tassyklady. Mejlisi açmak bilen, Türkm...

DOWAMY
pic
30 Okt

Minsk şäherinde Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, bu çäräni giňden ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan brifing geçirildi. Ilçihananyň binasynda geçirilen brifinge, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Belarus Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de hab...

DOWAMY
pic
30 Okt

Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyň ilkinji mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda, daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Daşky gurşawy goramak mes...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistan bilen Özbegistanyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuyk geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şeýle hem Ministr Şawkat Hamraýewiň ýolbaşçylygynda Özbegistanyň  Suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar suw babatda hyzmatdaşlygyň ähli u...

DOWAMY
pic
30 Okt

Bitaraplyga bagyşlanan saýta “Türkmen Sähra – 2020” atly täze bölüm girizildi

Türkmenistanyň döwlet ulag syýasatynyň aýratynlyklaryny ählitaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, «www.neutrality.gov.tm» döwlet websaýtynyň giňişligi täze bölüm bilen dolduryldy. Hususan-da, ýurduň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmen Sähra - 2020» täze maglumat çeşmesi açyldy.   Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan milli ulag pudagynyň ösdürilmegi we onuň sebit hem-de halkara ulag ulgamyna integrirlenmegi babatynda ähmiýetli işleri durmuşa geçirdi. ...

DOWAMY
pic
30 Okt

Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum – ýurtlaryň medeni-ynsanperwer dialogy üçin täze meýdança

2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Seulda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forum wideomaslahat görnüşinde geçirildi, onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi. Prezident umumy taryhy, medeni we siwilizasion gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda medeni-ynsanperwe...

DOWAMY