RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Dek

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde esaslandyrylan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp...

DOWAMY
pic
3 Dek

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp sport ýaryşlar geçirildi

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň arasynda küşt we badminton boýunça ýaryşlar geçirildi. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenis...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň DIM-de Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 2019-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kasumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşgyň barşynda Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň adyna Imperatoryň tagta geçmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýollan çakylygy hem-de bu çäreleriň dowamynda görkezilen ýokary myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk haty gowş...

DOWAMY
pic
30 Noý

EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy

2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi.  Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.  Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
29 Noý

Moskwada Daşary işler ministrlikleriniň arasynda rus-türkmen geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk,  şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler boýunça, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistan bilen Russiý...

DOWAMY
pic
29 Noý

Daşkentdäki duşuşykda Merkezi Aziýa integrasiýasynyň ugurlary kesgitlenilýär

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...

DOWAMY
pic
29 Noý

Aşgabatda “Stambul prosessiň” çäklerinde tehniki toparlaryň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosessiň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosessine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýa...

DOWAMY