RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE IRLANDIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Irlandiýanyň Premýer-ministriniň ýörite wekili, Ilçi Dewid Donahýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlylygyny bellediler. Halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanarly belläp, taraplar 2021-2022-nji ýyllarda  BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljekki saýlawlary...

DOWAMY
pic
2 Iýul

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ HEMIŞELIK AGZASY HÖKMÜNDE BIRAGYZDAN SAÝLANYLDY

2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Kondeferasiýasynyň Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň «A» toparynyň sanawyna girizildi.   Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýas...

DOWAMY
pic
2 Iýul

EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ÝANGYÇ TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE ÝETIRILDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp işe girizilen dünýäde ilkinji Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň birinji tapgyrynyň Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömek hökmünde demir ýol arkaly iberilen 60 tonnadan ybarat bolan ekologiýa taýdan arassa ýangyç 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasynyň «Akina» stansiýasyna geldi. Bu ýerde ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberilen ýüki Akina şäherçes...

DOWAMY
pic
1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda akkreditirlenen Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, şeýle-de BMG-niň Ösüş...

DOWAMY
pic
1 Iýul

TÜRKIÝÄNIŇ ÝOZGAT ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR GEÇIRILDI

?Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýozgat şäherindäki Bozok uniwersitetinde ylmy maslahat geçirildi.  Maslahata Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde Ýozgat welaýatynyň gubernatory K.Çakyr we Ýozgat şäher  häkimi J.Köse, Bozok uniwersitetiniň rektory A.Karadag, şeýle hem bu uniwersitetiň edebiýatşynas profe...

DOWAMY
pic
29 Iýun

HYTAÝDA “GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ GÖRKEZME ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar  toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy  geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli  partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd”   kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat i...

DOWAMY
pic
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY ÝURT DILLERINDE NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk hem-de ukrain dillerinde çapdan çykan eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ähmiýetli dabara daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň,  halkara we milli habar beriş serişdeleriniň  ýolbaşçylary hem-de hab...

DOWAMY