SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMUNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUNY GURADY
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI
2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.