SOŇKY HABARLAR
Nýu-Ýorkda TOPH gaz geçirijisiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...
«Daşary ýurtlarda bolýan adatdan daşary ýagdaýlara düşen raýatlaryň goragy» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat adatdan daşary ýagdaýlarda meýilleşdirmek we seslenmek ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň konsullyk gulluklarynyň mümkinçilikleriniň berkidilmegine we maglumat üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Okuw maslahaty Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler minist...
Türkmenistan we BMG geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
2018-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Sekretarynyň ykdysady we sosial meseleleri boýunça orunbasary Lýu Ženmin bilen duşuşdy. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi üçin minnetdarlygyny bildirdi we bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek meýilini be...
Делегация Туркменистана приняла участие в церемонии открытия Министерского сегмента Политического форума высокого уровня по устойчивому развитию под эгидой ООН
16 июля 2018 года делегация Туркменистана во главе с Заместителем министра иностранных дел Туркменистана С.Бердымухамедовым приняла участие в церемонии открытия Министерского сегмента Политического форума высокого уровня по устойчивому развитию под эгидой Экономического и Социального Совета ООН на тему «Преобразования на пути к устойчивому и жизнестойкому обществу». Открывая форум, Председатель ЭКОСОС Мария Чатардова отметила, что семьдесят один процент населения мира имеет доступ к чистой во...
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti “Amul – Hazar 2018” awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy
Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy. GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige...
Türkmenistanyň Jiu-jitsu boýunça ýygyndysy Aziýanyň çempionatynda üçünji orna mynasyp boldy
2018-nji ýylyň 10-16-njy iýulynda Aktauda (Gazagystan Respublikasy) erkek we zenan toparlaryň arasynda Aziýanyň Jiu-jitsu boýunça çempionaty geçirildi. Ýaryş «Mangystau Arena» sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 20 ýurtdan 400-den gowrak türgenler gatnaşdy. Bu çempionat Jiu-jitsunyň Halkara federasiýasynyň (JJIF) kadalary boýunça söweş, «ne-waza», duo we kontakt görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy bu çempionatda 24 türgenden ybarat boldy. Olaryň arasynda halkara ýaryşlary...
ÝHHG-nyň okuw maslahatynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň professional dogruçyllyk we etika kadalary meselelerine garaldy
2018-nji ýylyň 12-13-nji iýulynda Aşgabatda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan «Hukuk goraýjy edaralarynda professional abraý we etika kadalary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Milli howpsuzlyk, Içeri işler, Adalat we Goranmak ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty hukuk goraýjy edaralarynyň...