SOŇKY HABARLAR
Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi
2018-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Moskwa şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we onuň täsirine ýanaşmak” atly medeni çäre geçirildi. Rerihler Muzeýiniň (Gündogar döwlet muzeýiniň şahamçasy) çäklerinde we zallarynda sebitiň döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň merkezi bölegi bolan Türkmen döwletiniň taryhy wezipesi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň arabaglanyşygy mowzugyny şöhlelendirmäge gönükdirilen täsirli waka bolup geçdi. Çäräniň guramaçylary bolan Türkmenistanyň...
Kolumbiýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady türkmen paýtagtyna gelen Kolumbiýanyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Alfonso Lopes Kabalýero bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen-kolumbiýa gatnaşyklaryny ösdürmek işinde jogapkärçilikli wezipesine bellenilmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Kolumbiýa bilen gatnaşyklary berkitmekde we geljekde ösdürmekde ýurduň aýratyn ünsüni be...
Argentina Respublikasynyň Ilçisi TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorionyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň instituty bilen Argentina Respublikasynyň Daşary işler we kult ministrliginiň Milli daşary gulluk institutynyň arasynda diplomatik taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Özara düşünişme...
Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylyml...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasyn...
ARGENTINANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmak maksady bilen iş saparyna gelen Argentinanyň Türkmenistandaky (rezidensiýasy Moskwa ş.) täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Rikardo Ernesto Lagorio bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Argentina bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli berkitmegiň zerurdygyny belledi. Argentinanyň Ilçisi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KUWEÝT DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygy geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti bilen hyzmatdaşlygyň aýgytly ugurlaryny bellemegiň çarç...