SOŇKY HABARLAR
ŞWEÝSARIÝADA WELOSIPED SÜRÜJILERINIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞYUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Egl şäherinde (Şweýasariýa) Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçisiniň Welosiped sürüjileriniň halkara birleşiginiň Prezidenti D.Lappartient bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda biziň ýurdumyzyň bu uly halkara gurama bilen gatnaşyklaryny berkitmegiň meselelerine garaldy. Hususan hem, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä welosiped güni” atly rezolýusiýasyny durmuşa geçirmekligiň meselelerine seredilip geçildi....
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 30-njy maýynda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly iki günlük ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Maslahat ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen gurnaldy. Maslahatyň ilkinji gününde esasy mejlis we iki sany iş sessiýalary geçirildi. Maslahatyň işine ÝHHG-na agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöri...
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen ‘Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleri “Altyn Gaetano” diýen baş baýraga mynasyp boldular. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň agzalaryndan ybarat birleşen toparyň bu üstünligi dünýäniň esasy arenalarynda Garaşsyz,...
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly medeni mirasy aýawly saklanyp we baýlaşyp, dogduk Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dürli döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri h...
BUHARESTDE TÜRKMEN-RUMYN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda Buharestde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň baştutanlarynyň derejesinde sebitleýin meseleleri boýunça, hususan hem Ýewropa Bileleşigine we Ýakyn Gündogara degişli ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda iki döwletiň wekiliýetleri geljekde Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde 2019-njy ýylda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkme...
SANKT-PETERBURGDA «TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY SURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Sankt-Peterburgyň Taryhy seýilgähinde surat sergisiniň dabaraly açylyşy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre Sankt-Peterburgdaky Halkara gatnaşyklar we migrasiýa syýasatynyň durmuşa geçirmek boýunça komitetiniň, «Milletleriň Sankt-Peterburg öýi», «Russiýa – meniň taryhym» taryhy seýigähiniň goldawy bilen Sankt-Peterburg we Russiýanyň demirgazyk-günbatary boýunça dünýä türkmenler...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...