SOŇKY HABARLAR
HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERINE GARAMAK MAKSADY BILEN MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kiýew şäheri) jenap Ruslan Bolboçan bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy gepleşikleriň, halkara guramalaryň çägindäki diplomatik özaragatnaşyklaryň we parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegin...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI KÖPUGURLY DÖWÜRLEÝIN SYN BOÝUNÇA IŞ TOPARYNYŇ 30-NJY MEJLISINE GATNAŞDY
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda, şeýle hem Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owga...
Sportuň olimpiýa göşrnüşleri fakultetiniň binasynyň gurluşygyna başlanyldy
Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetini döretmek boýunça işler başlandy, ol Milli sport we syýahatçylyk institutynyň düzümine girer. Ýokary okuw mekdebiniň binasynyň günorta tarapyndan Oguzhan köçesi bilen kesişýän ýere çenli on gektardan gowrak ýerde administratiw-okuw klasteri kemala getiriler. “Ajaýyp gurluşyk” kompaniýasynyň amala aşyrýan taslamasynda “Ýimpaş” kompaniýasynyň edara jaýynyň sekiz gat binasynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar, onda Sport...
BUHARESTDE HÄZIRKI ZAMAN MULTIMODAL ULAG INFRASTRUKTURASYNY DÖRETMÄGE BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Diplomatik instituty bilen bilelikde «Häzirki zaman multimodal ulag infrastrukturasyny döretmek-Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde üstünligiň girewi» diýen at bilen tegelek stol geçirdi. Rumyniýanyň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary Maria Magdalena Grigore bu çäräniň esasy myhmany bolup gatnaşdy. Şeýle-hem tegelek stola Rumyniýanyň DIM-niň, Parlamentiniň, Biznes gurşawy...
TÜRKMENISTAN WE INDONEZIÝA GELJEKDE HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri babatda pikirleri alyşdylar. Halka...
TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY: MEDENI MIRAS ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK
2018-nji ýylyň 5-nji maýynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda medeniýet dessurlary we milli tagamlaryň XVI sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Özbegistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we akkreditirlenen halkara guramalary şeýle hem medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Her ýylda geçirilýän bu sergide Türkmenistanda çykarylýan dürli görnüşli önümleri özünde jemledi. Pagta süýü...