RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Apr

BERLINDE “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGI AÇYLDY

Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul e...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline tarap ugrady. Prezidentiň uçary özbek paýtagtynyň howa menzilinden meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanalýan Ürgenje—Horezm oblastynyň dolandyryş merkezine tarap ugur aldy.  Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ürgenjiň howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny Özbegistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek...

DOWAMY
pic
23 Apr

DAŞKENTDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşkent şäherinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran bu serginiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Sergi ýurdumyzyň...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.  Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkendiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndaky haly düşelen ýodanyň iki tar...

DOWAMY
pic
22 Apr

AŞGABATDA DIPLOMATLARYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly çäreleriň biraýlygynyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmaklarynda çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnamak indi däp boldy. Bu ýyl onlarça toparlar we wekiller sportuň stolda oýnalýan tennis, küşt, woleýbol we kiçi futbol ýaly görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Stolda oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar Türkmen milli sport we syýahatçylyk institutynyň...

DOWAMY
pic
21 Apr

TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝADAKY KONSULLYGY TARAPYNDAN (MAÝN BOÝUNDAKY FRANKFURT ŞÄHERI) SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň bir aýlygyna bagyşlap sport çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda kiçi futbol, stolda oýnalýan tennis we şaşka boýunça ýaryşlar gurnaldy. Oňa diplomatik korpusyň, halkara banklaryň, kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynda bilim alýan türk...

DOWAMY
pic
21 Apr

ANKARA ŞÄHERINDE TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ ARASYNDA FUTBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Ýurdumyzda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli 2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara, Aksaraý, Kyrşehir we Uşak şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda futbol bäsleşigi geçirildi. Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda 2018-nji ýylyň...

DOWAMY