SOŇKY HABARLAR
YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mü...
ŞRI-LANKA DEMOKRATIK SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) j-p Mohamed Şariff Anis bilen duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy geljekde netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ynam bildirdi we bu ugurda Ilçä ählitaraplaýyn ýardamlary hem-de goldawlary amala aşyrmakda t...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PAÝTAGTY ANKARA ŞÄHERINDE SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
Ýurdumyzda her ýylyň 5-nji apreli 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň biraýlygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelinde bolan 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda taslamasy işlenip taýýarlanylan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nj...
Türkmenistanda Maglumatlar tehnologiýalaryny ösdürmek birleşmesi döredilýär
Paýtagtyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda bu jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylyk ýygnagy boldy. Çärä IT-kompaniýalaryň wekilleri, hyzmatdaşlyk guramalary, meýletinler gatnaşdylar. Birleşmäniň maksatlarynyň arasynda ilatyň IT ulgamynda sowatlylygyny ýokarlandyrmak, maslahatlar hyzmatlary, şeýle hem täze pikirleri goldamak ýaly ugurlar bar. Birleşmäniň maksatlaryny we wezipelerini goldaýan Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň şahsy we hukuk taraplary onuň agzasy bolup bilerler. ...
“BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDA KABUL EDILEN KARARNAMALAR TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT
2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň...
«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...