SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2018-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Bižan Namdar Zanganenyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar bir-birini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdylanda taraplar ýokary derejedäki saparlaryň ornuny bellediler. Şu jähtden türkmen tarapy Eýran Yslam Respublikasynyň Prezide...
KEMBRIJDE BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNA WE HALKARA NOWRUZ BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP ÇÄRELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 17-nji martynda Beýik Britaniýanyň Kembrij uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasy “Kembridj Merkezi Aziýa Forumy“ we Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanalary bilen bilelikde, Ýüpek ýoluna bagyşlanylan tegelek stol, Nowruz baýramy mynasybetli konsert, sergi we resmi kabul edişlik geçirdi. Ilki bilen Ýüpek ýoluna bagyşlanylan tegelek stol geçirildi. Oňa Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Ilçihanalarynyň wekil...
ABU-DABIDE ÝOKARY DEREJEDÄKI TÜRKMEN-EMIRLIKLER GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ir bilen milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezident köşgüne tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni köşk meýdançasyna gelýär, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy. Awtoulagyň ý...
PEKINDE “TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ KUWWATLY ÜSTAŞYR-ULAG MERKEZI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň aktlar zalynda “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň kuwwatly üstaşyr-ulag merkezi” atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň we Hytaýyň “Petroçaýna” nebitgaz kompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň ýakyndan ýardam bermeginde gurnaldy. Forumyň pikir alyş-çalyş meýdançasy Hytaýyň paýtagtynyň ulag pudagynyň i...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen ha...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY BAŞ KONSULLYGY TEGELEK STOLY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu çärä Stambul şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, professorlary, ýokary bilim alýan talyplar we...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PLOÝEŞTI ŞÄHERINDE TEGELEK STOL GURNADY
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploýeşti şäheriniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde şol ýokary okuw mekdebiniň Senatlar zalynda Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stoly gurnady. Tegelek stoluň işine Nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyplar, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Ploýeşti şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Energetika ministrliginiň we Daşary işler...