Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň duşuşygy

Foruma gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
R.Minnihanow Milli Liderimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça beýan eden başlangyçlary üçin hoşallyk bildirdi.
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini aýdyp, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny aýratyn belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, R.Minnihanow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşýandygyna örän şatdygyny belledi hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň we dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygy nygtaldy.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Saparyň barşynda onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyklary boldy. Şunda duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, awiasiýa, awtomobil ýük daşaýjy tehnikalaryň iberilmeginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.