Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

photo

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine baha berdiler.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Türkmen tarapy, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň taýýarlyk görmekde Taýlandyň goşandyny nygtady.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-taýland gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Taýland tarapyndan iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga isleg beýan edildi.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin Ilçi Apirat Sugondhabhire minnetdarlygyny bildirdi.