Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meselelere garaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalardaky bilelikdäki işiň çäginde iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.
Şol bir wagtyň özünde, iki ýurduň daşary syýasat edarlarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, täsirli mehanizmleriň biri hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler çykyş edýär.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykdysady hyzmatdaşlygy bellediler. Onuň esasy şertleriniň hatarynda maýa goýum we tehnologiki ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň bolmalydygyny nygtadylar. Öňdebaryjy amerikan kompaniýalaryny öz içine alýan Türkmen-amerikan işewürler geňeşi ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet we beýleki möhüm ähmiýetli ugurlarda bilelikdäki işiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary türkmen-amerikan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.