ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň çäginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.
Amerikanyň esasy kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek meselelerine hem garaldy we Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin özüni täsirli mehanizm hökmünde subut edendigini bellediler.