SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşygy
2025-nji 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy. Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykar...
Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi. Şeýle hem Jon Riz Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Myhman pursatdan peýdalanyp...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Ýaponiýa şu gezekki sapary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Aprel aýynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “E...
Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnamana gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Selsu Waz du Nasimentu Matuş gol çekdiler. Tes...
ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suý bilen duşuşygy geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary ýurduň bitaraplyk...
Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri türkmen tarapyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, H...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy bu günki çäräniň üstünlikli ge...