SOŇKY HABARLAR
Zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 29-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýork şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň esasy maksady Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda özgerdiji gural hökmünde zyňyndylary nol derejesine getirmek boýunça BMG BA-nyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmakdan ybaratdy. 29-njy martda öz saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Baş Sekretarynyň köme...
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri tamamlandy
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Seuldaky Hankuk Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň medeni-ylmy çäreleri dowam etdi. Bu medeni çäreleriň maksatnamasyna türkmen suratkeşleriniň çykyşlary, şeýle hem koreý dilinde “At-myrat” atly ahalteke atlaryna bagyşlanan türkmen filminiň görkezilişi boldy. Mundan başga-da, uniwersitetiň foýesynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň portretleri we kitaplary, sungat eserleri we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary görkezilen sergi...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijini kabul etdi
2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ý. ý. Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletde doganl...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler barada
2023-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bir...
Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň medeni we ylmy çäreleriň toplumy başlandy
2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Koreýanyň Seul we Uejeongbu şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärelere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdymyzyň degişli wekilleri, şol sanda sungat ussatlary, alymlar, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmak üçin Koreýada saparda bolýarlar. 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Seulyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aç...
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň belleýşi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyý...
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň ýokary dere...