SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy. Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň strategik hyzmatdaşlygy ý...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri bilen duşuşygy
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjek möh...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine gönükdirilen resminamalarynyň toplumyna gol çekildi
2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Pekinde ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannamana gol çekdiler. Iki dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda däp bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen beýl...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy
2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň nobatdaky mejlisini gurnamak başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirdi we duşuşygyň öz wagtynda bolandygyny belläp, kärdeşine “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlis...
Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Tokio şäherinde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriň ýolbaşçylary, Ýaponiýada akkreditirlenen bu döwletleriň Ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri gutlag sözleri bi...