SOŇKY HABARLAR
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin BEÝANAT
Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ş...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Gazagystan Respublikasyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew Gazagystan Respublikasyna iş saparda bolýar. 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda DIM-niň binasynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.B.Konuspaýew bilen türkmen wekilýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-hem pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi...
Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözl...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky ÇYKYŞY
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar ýaşlary! Hormatly professor-mugallymlar! Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar! Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Men siziň ähliňizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň bu şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ähli bilim işgärlerine, talyp we okuwçy ýaşlarymyza berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähr...
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň ö...
Ýewraziýanyň işleri boýunça HHR-nyň hökümetiniň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewraziýanyň işleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň Ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik...