RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Iýul

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi....

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň we Burkina Fasonyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenil...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň we Niger Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niger Respublikasynyň Daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangareniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň daşary syýasat edara...

DOWAMY
pic
1 Iýul

KHBS üçin maglumat

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde halkara syýasy we ykdysady giňişlikde alyp barýan işini halkara gatnaşyklara gatnaşyjylaryň özüni alyp barşyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda amala aşyrýar. Şunda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we hukuk şahslary bilen baglaşan ylalaşyklary hem-de şertnamalary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmekdäki ýurduň hukuk taýdan esaslandyrylan we anyk kesgitlenen çemeleşmesini aýratyn...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezident...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň iki ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmagynyň öz...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar esasynda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag “akylly” şäheriň açy...

DOWAMY