SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli we ählumumy gymmatlyklaryň goralyp saklanmagyna, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ö...
Kabulda Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde «Salam han» prezident köşgünde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Dabara...
Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag meseleleri boýunça ýokary derejeli Sebitleýin dialog geçirildi
Şu gün göni wideoaragatnaşyk arkaly «COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy» atly Sebitleýin dialog geçirildi. Dialog Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraldy. Foruma BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Alga...
Türkmen-german syýasy gepleşikler geçirildi
2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň we GFR-yň daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, nemes tarapyna bolsa GFR-iň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Gepleşik konstruktiw ýagdaýda geçirildi. Taraplar iki döwletiň içeri syýasy ýagdaýlary boýunça pikir alyşdylar we ikit...
Türkmenistanyň şanly garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler
2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda ýurduň baş baýramçylyklarynyň biri – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni dabaraly bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle-de gül goýmak dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekil...
В штаб-квартире СНГ в Минске открылась выставка ко Дню независимости Туркменистана
Выставка, посвященная Дню независимости Туркменистана, открылась в штаб-квартире СНГ в Минске в пятницу. Экспозиция подготовлена при содействии Посольства Туркменистана в РБ и Президентской библиотеки Республики Беларусь. Выставку открыл чрезвычайный и полномочный Посол Туркменистана в Республике Беларусь, постоянный представитель Туркменистана при уставных и других органах Содружества Независимых Государств Назаргулы Шагулыев. На церемонии открытия выставки выступил первый заместитель...
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler...