SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maslahat geçirýär
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan iki günlük maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň – teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem degişli ministrlikl...
Президент Туркменистана обратился с приветствием к участникам международного строительного форума
Поздравляю вас с открытием международной выставки «Туркменстрой-2018» и конференции «Развитие строительной индустрии Туркменистана», - говорится в Обращении Президента Гурбангулы Бердымухамедова. Туркменистан по всем показателям превратился в одно из динамично развивающихся государств мира, что стало возможным благодаря масштабным достижениям в строительной сфере. Планомерное наращивание объёмов строительных работ обусловило систематический ввод в эксплуатацию новых предприятий по выпуск...
Из Саудовской Аравии возвратились паломники
Возвратилась на Родину группа туркменских паломников, совершивших хадж в Мекку и Медину. Как уже сообщалось, 153 наших соотечественника – представители пяти велаятов страны и города Ашхабада – отправились в Королевство Саудовская Аравия, где присоединились к миллионам паломников, прибывших со всех уголков мира, чтобы поклониться священной Каабе. По распоряжению Президента Гурбангулы Бердымухамедова Служба «Туркменховаёллары» организовала для посланцев специальный авиарейс. В Медине они посет...
Türkmenistanyň DIM-nde AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň DIM-niň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, daşary ýurt döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, bilermen-ekologlar, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem gazet-žurnallaryň baş redakto...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda şu ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenbaşy ş. geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň netijelerine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, alymlar we syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriň mugallyml...
Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammiti geçirildi. Sammitiň işine AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Prezidentleri, ýagny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigista...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ozal gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, ekologiýa, energetika, ulag we beýleki möhüm ugurlarda...