SOŇKY HABARLAR
Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününiň hormatyna dabaralar
Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly medeni mirasy aýawly saklanyp we baýlaşyp, dogduk Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar. Dürli döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri h...
BUHARESTDE TÜRKMEN-RUMYN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji maýynda Buharestde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli bölümleriniň baştutanlarynyň derejesinde sebitleýin meseleleri boýunça, hususan hem Ýewropa Bileleşigine we Ýakyn Gündogara degişli ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda iki döwletiň wekiliýetleri geljekde Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginde 2019-njy ýylda başlyklyk etmegi bilen baglylykda Türkme...
SANKT-PETERBURGDA «TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY SURAT SERGISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 22-nji maýynda Sankt-Peterburgyň Taryhy seýilgähinde surat sergisiniň dabaraly açylyşy we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çäre Sankt-Peterburgdaky Halkara gatnaşyklar we migrasiýa syýasatynyň durmuşa geçirmek boýunça komitetiniň, «Milletleriň Sankt-Peterburg öýi», «Russiýa – meniň taryhym» taryhy seýigähiniň goldawy bilen Sankt-Peterburg we Russiýanyň demirgazyk-günbatary boýunça dünýä türkmenler...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XVII KÖPUGURLY HALKARA SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. Sergini guraýjylar Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi A...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞÝAR
2018-nji ýylyň 21-nji maýynda Ženewa şäherinde Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 71-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelen ýokarda agzalan mejlisiň işine gatnaşdy. Saglygy goraýyş ulgamynyň aktual meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin sebitleýin hem-de global derejede strategiki wajyp meýdança Şweýsariýa...
Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresine gatnaşyjylara
Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda dokuzynjy gezek geçirilýän halkara Gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirm...