SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...
MINSKDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň...
TÜRKMENISTANYŇ WE IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGY SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
2018-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti gulluk iş saparynda boldylar. 4-nji aprelde Amman şäherinde Daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Bu syýasy geňeşmelere Iordan tarapyndan bu ýurduň Daşary işler we ekspatriantlar ministrliginiň Baş Sekretary Zaýed Al Loziniň ýolbaşçylygyndaky topar gatnaşdy. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna seredildi we Türkmenistan bilen Iordan Haşemit Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary...
ÝHHG-NIŇ BILERMENLERI TÜRKMENISTANYŇ HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄSINDE WEHIMLERE WE HOWPLARA GARŞY GÖREŞDE NETIJELI TEJRIBESINI BELLEDILER
2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garş...
HALKARA SYNÇYLARY: SAÝLAWLAR ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 26-njy martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw t...
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BARADAKY MERKEZI TOPAR: TÜRKMENISTANDA PARLAMENT SAÝLAWLARY ÝOKARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇDI
2018-nji ýylyň 26-njy martynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradow Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça Merkezi toparyň maslahatlar otagynda brifing geçirdi. Brifinge halkara we daşary ýurtly synçylar, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi top...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI “SPORTYŇ WE OLIMPIÝA IDEALLARYŇ ÜSTI BILEN ADAM HUKUKLARYNA ÝARDAM BERMEK” ATLY REZOLÝUSIÝANY KABUL ETDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 23-nji martynda Şweýsariýanyň Zenewa şäherinde geçirilen 37-nji mejlisinde, parahatçylygy we adam hukuklary berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny öz içine alýan “Sportyň we Olimpiýa ideallaryň üsti bilen adam hukuklaryna ýardam bermek” atly BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Rezolýusiýasy bir ag...