NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYGY WE DURNUKLYLYGY SAKLAMAGYŇ ŞERTIDIR” ATLY BRIFING GEÇIRILDI

2015-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň Ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynda Ilçileriň, BMG agza-ýurtlaryň Hemişelik Wekilleriniň derejesinde “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň şertidir” atly brifing geçirildi.

Syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň ýoly hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy bilen döwletara gapma-garşylyklarynyň öňüni almagyň, howpsuzlygy üpjün etmekde we parahatçylygy pugtalandyrmakda bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli tejribesiniň ulanylmagy diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň arasyndaky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugry boldy. 

Ilçi, Türkmenistanyň BMG-niň Ýanyndaky Hemişelik Wekili A.Ataýewa özüniň gatnaşyjylara ýüzlenmesinde 2014-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular Maslahatynyň 2015-nji ýyly ýurdumyzda “Bitaraplyk we Parahatçylyk” ýyly diýip yglan edilmegi baradaky Karary hakynda habar berdi. Şanly senä bagyşlanan esasy çärede – şu ýylyň dekabrynda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahatynda ünsi jemläp, A.Ataýewa görnükli syýasatçylaryň: döwlet baştutanlarynyň, BMG-niň we onuň ýöriteleşedirilen edaralarynyň, şeýle-de beýleki abraýly guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çagyrylan bu forumynyň ähmiýetini açyp görkezdi.

Energetiki howpsuzlygynyň, halkara ulag infrastrukturasynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Çäre maksatly iňlis we rus dillerinde maglumat ýygyndylary taýýarlanyldy, olaryň üsti bilen gatnaşyjylar bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konseptual ugurlary bilen tanyşdylar. 

Ara alyp maslahatlaşmalaryň ahyrynda Hemişelik Wekilhana tarapyndan Ikinji Jahan urşunyň Ýeňişiniň 70 ýyllygy bilen bagly geçirilýän çäreleriň tapgyrynyň çäklerinde “Gelin” diýen filmiň görkezilişi boldy