«2015: BITARAPLYK WE PARAHATÝYLYK ÝYLY: BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ SEBITINDE PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA – TÜRKMENISTAN WE HINDISTAN» ATLY HALKARA SEMINARY

2015-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Nýu-Deli şäherindäki Jawaharlal Neru adyndaky uniwersitetiň ýanyndaky Ýüpek ýoluny öwreniş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda «2015: Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly: Beýik ýüpek ýolunyň sebitinde parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna – Türkmenistan we Hindistan» atly bir günlük halkara seminary geçirildi. Hindi tarapyndan çärä myhman bolup Hindistanyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary hanym Sujata Mehta gatnaşdy.Halkara seminara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary instututyndan, Jawaharlal Neru adyndaky uniwersitetinden, Deli uniwersitetinden, Kaşmir uniwersitetinden we Jamiýe Milliýe Islamiýe uniwersitetinden 40-dan gowrak öňdebaryjy türkmen we hindi professorlar – syýasaty öwrenijiler, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, ýokarda görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we diplomatik korpusyň wekilleri hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň ählisi ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň saýlap alan uguruna eýermegine kanagatlanme bildirdiler, taryhy we medeni gatnaşyklar hem-de däp-dessurlar hem içgin ara alyp maslahatlaşlaryň temasy boldy. Beýik Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik mirasy, däp-dessurlaryň meňzeşligi, taryhy aragatnaşyklar we türkmenleriň Hindistanyň baý taryhyny döretmekdäki orny ähli çykyşlardan eriş-argaç bolup geçdi.Seminaryň çäklerinde Bitarap Türkmenistanyň şanly senesine bagyşlanyp paýhas oýuny geçirildi, oňa hindi talyplary gatnaşdy. Oýunyň jemleri boýunça ýeňiş gazananlara baýraklar we sogatlar gowşuryldy.Halkara seminaryň ahyrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti we dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu forumda we medeni çärede çykyş edenleriň we myhmanlaryň ählisine Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýörite taýýarlanylan maglumat kitapçalary, Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň nyşany suratlandyrylan bezeg önümleri, “Biznes Sentral Azia” žurnalynyň ýörite sany we beýleki materiallar gowşuryldy.