Minskde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki bölüminiň wekilleriniň hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleri, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Belarusiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurduň içinde we onuň daşynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Kararnamasy bilen ykrar edilen döwletimiziň bitaraplyk hukuk derejesiniň taryhy ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary W.Guminskiniň, Özbegistan Respublikasynyň we Moldowanyň Doly ygtyýarly Hemişelik  wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, olar sebit hem-de dünýä çygrynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ilerledilmeginde Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdiler.