“C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we ABŞ -nyň arasynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa meseleleri, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.

Daşkentde geçirilýän ýokary derejeli Halkara maslahatyň tematikasy bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşygy berkitmek boýunça işjeň pikirler alşyldy.

Taraplar sebit howpsuzlygynyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleri dowam etdirmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Owgan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine ýardam etjek durnukly we abadançylykly tagallalary döretmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

 Gepleşikleriň netijeleri boýunça duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.