RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Maý

Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň wekilleri bilelikdäki resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdiler

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika...

DOWAMY
30 Apr

KHBS üçin habar

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...

DOWAMY
30 Apr

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekili bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny bile...

DOWAMY
30 Apr

KHBS üçin habar

Şu gün, 30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar. Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky...

DOWAMY
30 Apr

KHBS üçin habar

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda...

DOWAMY
29 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara g...

DOWAMY
29 Apr

Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň türkmen talyplary üçin leksiýalary

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi. Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr. Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki te...

DOWAMY