SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýokary döwlet derejesindäki özara ynanyşykly syýasy dialogyň esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň depginine kanagatlanma bilen ýokary baha berdiler. Iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi be...
«Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmad bilen duşuşygy geçirildi. Interaktiw gepleşikl...
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky «Gurluşlaýyn dialog» öz işini dowam etdi
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk görnüşindäki «Gurluşlaýyn dialog» iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Şu günki gepleşiklerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň hem-de Beýik Britaniýanyň DIM-niň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Jastin Mak Kenziniň giriş çykyşlary diňlenil...
Türkmenistanda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp halkara media forumy geçirildi
2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp “Dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti” atly halkara Media forumy geçirildi. Media forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi tarapyndan gurnaldy. Çärä ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa FederasiýasynyňTatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň...
«Dialog-parahatçylygyň kepili» atly onlaýn maslahaty
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog-parahatçyly...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda (Moskwa ş.) resmi saparda boldy. Saparyň barşynda birnäçe duşuşyklar geçirildi we olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde toplumlaýyn ösdürilmeginiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara mümkinçilikleriň nazarda tutulmagynda olaryň işjeňleşdi...