Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz wekilçilik edýän ýurdunda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ilçini mähirli mübärekläp, ony ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Ilçi hökmünde alyp barjak işiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Başlyk Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň möhüm strategik hyzmatdaşlaryň biridigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky syýasy dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyny goldaýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.