SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan we Botswana Respublikasy diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýanatyň gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Çarlz Masoleniň arasynda gepleşikler geçi...
Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Gruziýanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi. Gepleşikleriň do...
Türkmenistan we Gruziýa parlamentara dialogy pugtalandyrmagy maksat edinýär
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp masla...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowam...
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasynda T...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy. Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Owganyst...