RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Dek

Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik ke...

DOWAMY
pic
11 Dek

BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň ähmiýeti we netijeliligi aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda t...

DOWAMY
pic
11 Dek

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti...

DOWAMY
pic
11 Dek

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýapon-türkmen hyzma...

DOWAMY
pic
11 Dek

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi. Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, halkara maslahat...

DOWAMY
pic
11 Dek

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Halkara maslahatyň çäklerinde ikiaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşygy boldy. Ol netijeli we işjeň ýagdaýda geçdi. Myhman türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatda dünýä ähmiýetli meselelere garalandygyny nygtady. Halkara forumyň guramaçylyk derejesiniň Türkmenistanyň möhüm ugur boýunça oňyn tejribe toplandygyny gö...

DOWAMY
pic
10 Dek

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we...

DOWAMY