SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisine bagyşlanan media-forum geçirildi
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda, “Sport” myhmanhanasynyň konferens-zalynda Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) Halkara awtorallisini geçirmek bilen bagly bolup duran meseleler bilen tanyşmak maksady bilen media-forum geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Telewideniýe, Radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gatnaşmagynda gurnaldy. Forumyň işine awtoulaglar dünýäsiniň öňdebaryjy hünärmenleri,...
5-nji awgustda Aşgabatda halkara Media forumy geçiriler
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşlar.
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly - täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyndaky eden çykyşy bilen başlanýar. Şeýle hem žurnalda 2018-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri – 2-nji maýda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylma...
ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....
Milli ekologiýa kanunçylygy kämilleşdirmek – Türkmenistandaky ÝHHG-niň okuw maslahatynyň üns merkezinde
Daşky gurşawy we ýer serişdeleri goramak boýunça Türkmenistanyň Döwlet komitetiniň, Mejlisiň, Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Aşgabatda 30-31-nji iýulda gurnalan okuwynyň çäginde milli ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara kanunçylyk namalary we standartlary ba...
73-я сессия Генеральной Ассамблеи является важнейшим событием в многогранной деятельности Организации Объединенных Наций. Она призвана стать важным этапом в деле последовательной консолидации международных усилий по решению ключевых вопросов глобальной по
73-я сессия Генеральной Ассамблеи является важнейшим событием в многогранной деятельности Организации Объединенных Наций. Она призвана стать важным этапом в деле последовательной консолидации международных усилий по решению ключевых вопросов глобальной повестки, утверждению лидирующей роли ООН в деле сохранения и упрочения всеобщего мира, стабильности и безопасности, реализации в полном объеме заявленной Повестки дня в области устойчивого развития до 2030 года, неуклонного выполнения государства...
Türkmenistanda täze Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi
2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...