SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer...
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...
Türkmenistanyň DIM-de Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça Baş direktory Muhammed Haaji Al-Huriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine kanagatlanma bilen baha berdiler we geljekde hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmegini belläp...
Продолжается визит делегации Туркменистана в Нью-Йорк для участия в мероприятиях высокого уровня в штаб-квартире ООН
19 июля 2018 года в рамках продолжающегося визита делегации Туркменистана в г.Нью-Йорк в штаб-квартире ООН состоялась встреча Заместителя министра иностранных дел Туркменистан С.Бердымухамедова с Генеральным секретарем ООН Антониу Гутерришем. А.Гутерриш отметил тесное и конструктивное сотрудничество Туркменистана c ООН по разным направлениям. Он подчеркнул роль Туркменистана в вопросах безопасности, беженцев, миграции, поддержку Туркменистаном Регионального центра по превентивной дипломатии д...
ÝHHG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň ulag ugrundaky «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» we awtoralli «Аmul-Hazar 2018» diýen başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdi
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri ýurduň ulag ulgamyndaky esasy başlangyçlary barada beýannama bilen çykyş etdiler. Beýannamada Nýu-Ýorkda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak» atl...
Nýu-Ýorkda TOPH gaz geçirijisiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ÖM-nyň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy tarapyndan, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligni üpjün etmekde täze energetika Beýik Ýüpek ýoly» atly tanyşdyryş dabarasy gurnaldy. Çärä gatnaşyjylar üçin TOPH taslamasy boýunça surat sergisi gur...
«Daşary ýurtlarda bolýan adatdan daşary ýagdaýlara düşen raýatlaryň goragy» atly sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady
2018-nji ýylyň 18-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat adatdan daşary ýagdaýlarda meýilleşdirmek we seslenmek ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň konsullyk gulluklarynyň mümkinçilikleriniň berkidilmegine we maglumat üpjünçiliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Okuw maslahaty Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler minist...