SOŇKY HABARLAR
PEKINDE “TÜRKMENISTAN BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ KUWWATLY ÜSTAŞYR-ULAG MERKEZI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji martynda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň aktlar zalynda “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň kuwwatly üstaşyr-ulag merkezi” atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň we Hytaýyň “Petroçaýna” nebitgaz kompaniýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk departamentiniň ýakyndan ýardam bermeginde gurnaldy. Forumyň pikir alyş-çalyş meýdançasy Hytaýyň paýtagtynyň ulag pudagynyň i...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen ha...
TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY BAŞ KONSULLYGY TEGELEK STOLY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu çärä Stambul şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, professorlary, ýokary bilim alýan talyplar we...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY PLOÝEŞTI ŞÄHERINDE TEGELEK STOL GURNADY
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Ploýeşti şäheriniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde şol ýokary okuw mekdebiniň Senatlar zalynda Türkmenistanyň energetika we ulag diplomatiýasy boýunça tegelek stoly gurnady. Tegelek stoluň işine Nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyplar, Prahowa welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, Ploýeşti şäheriniň häkimliginiň işgärleri, Energetika ministrliginiň we Daşary işler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPAR BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Prezidentiň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KUWEÝTE RESMI SAPARY TAMAMLANDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi. Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merk...
MASYH MAKSATNAMASYNYŇ ENERGETIKA UGRY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikas...