SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar. Türkmenistanyň Prezidentini...
OWGANYSTANYŇ HALKARA GOLDAWY MESELELERINDE BMG-NIŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ TAGALLALARYNY UTGAŞDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN BMG-NIŇ HG-NIŇ REZOLÝUSIÝASYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2018-nji ýylyň 8-nji martynda kabul edilen Owganystanyň halkara goldawy meselelerinde Birleşen Milletler Guramasynyň agza-ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifing Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde gurnaldy. Brifingiň işine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY BILEN KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on üçünji mejlisi öz işine başlady. Oňa iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar, bu iş toparynyň on ikinji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine ýokary baha be...
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDA YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA ÜÇÜNJI DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Fed...
OKSFORD UNIWERSITETINDE “TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy martynda Beýik Britaniýanyň “University of Oxford” ýokary okuw mekdebiniň “The Oxford Silk Road Society“ jemgyýeti bilen bilelikde, uniwersitetiň “Lady Margaret Hall” kollejiniň binasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda we gaýtadan dikelmeginde Türkmenistanyň ornuna hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ulag pudagynyň ähmiýetine bagyşlanylan maslahat we resmi kabul edişlik geçirildi. Çärä Beýik Britaniýanyň “University Çollege of London”, “Brunel University of Lon...
Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekilleriniň Türkmenistana saparynyň netijeleri jemlenildi
Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy. HPG-niň wekiliý...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ KUWEÝTE WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARLARY AMALA AŞYRAR
9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...