SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-TÜRK SYÝASY GEŇEŞMELERINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türk tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçi Ümit Ýardym ýobaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklaryň ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Gatnaşyklaryň ösüşiniň gidişi bilen hoşal...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN MERKEZI AZIÝADA ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny w...
TÜRKMENISTAN WE BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKDÄKI MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Şähriýar Alam bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şu jähtden taraplar ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem iki ýurdyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatda...
BAKUDA «TÜRKMENISTAN-BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Nebit we senagat döwlet uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi. Tegelek stoluň başyndaky duşuşyga akademikler, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen we Hytaýdan, Hindistandan we Bangladeşden talyplar gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmenistanda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ý...
Ýurdumyzyň toparlary AFK-NYŇ Kubogy ugrundaky ýaryşlara girişdiler
Şu gün “Altyn Asyr” we “Ahal” futbol toparlarymyz Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň “D” toparçasynda ilkinji oýunlary geçirdiler. Türkmenistanyň häzirki çempiony — Aşgabadyň “Altyn Asyr” topary Oş şäherinde Gyrgyzystanyň “Alaý” toparynyň garşysyna ilkinji duşuşygy geçirdi. Bu topar hem sportuň şu görnüşinde öz ýurdunyň çempionydyr. Oýun toparlaýyn tapgyryň ilkinji oýunlarynda iň netijelisi boldy. Biziň futbolçylarymyz duşuşygy ynamly başlap, eýýäm 11-nji minutda 2017-nji ýylda Tü...
Dokma pudagynyň önümçilik düzümleri giňeldilýär
Kaka etrabynda täze senagat toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy guraldy, bu desga “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak senagat toplumy ýylda inçe süýümli pagtanyň 5...
TÜRKMENISTAN WE TATARSTAN RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇ GERIMI BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, tatar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Tatarstan Respublikasynyň Sena...