SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY BRIFING GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlag merkeziniň wekilleri, Barlaglar we halkara bilim merkeziniň, Er-Riýad şäherinde akkreditirlenen dip...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞINIŇ 37-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE ŽENEWA ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI PARALLEL ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi. Bu çä...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-HYTAÝ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Nuer Baýkeliniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ençeme esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan energetika ulgamynda ýet...
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýe.Astrahansewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki işjeň syýa...
LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ý...
“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi. Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we d...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY “ÝÜPEK ÝOLUNYŇ KUBOGYNY” ALMAK UGRUNDA KÖPÇÜLIKLEÝIN YLGAW SPORT ÝARYŞYNY GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Tbilisi şäher häkimligi, Gruziýanyň sport we medeniýet ministrligi we Korporatiw Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäherinde “Ýüpek ýolunyň kubogyny” almak ugrunda köpçülikleýin ylgaw sport ýaryşyny geçirdi. Agzalan ylgaw sport çäresine, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň, Tbilisi şäher häkimliginiň, Sport we medeniýet ministrliginiň, Korporatiw sport federasiýasynyň, ýerli köpçülikleýin hab...