img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BELARUSIÝA RESPUBLIKASY - MINSK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Few

Türkmenistanyň Merkezi banky TOPH taslamasyna bagyşlanylan ýadygärlik şaýy pullary çykardy

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy.  Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde içki teg...

DOWAMY
pic
23 Few

SERHETABAT-TURGUNDY TÄZE TÜRKMEN-OWGAN DEMIR ÝOLY BOÝUNÇA OTLYLARYŇ HEREKETI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-mi...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTANYŇ SEULDAKY ILÇIHANASYNDA BRIFING GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Seuldaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy nukdaý-nazarlaryna we Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä KR-yň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Merkezi Aziýa - Koreýa” Hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň,...

DOWAMY
pic
23 Few

TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...

DOWAMY
pic
22 Few

TÜRKMENISTAN 2019-2020-NJI ÝYL DÖWRI ÜÇIN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ IÇERKI ULAGLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy. Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar b...

DOWAMY
pic
22 Few

TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň mej­li­si

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de­ Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň 25-nji mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.  Du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne bu ägirt uly tas­la­ma­nyň iş ýü­zün­de mun­dan beý­läk-de ama­la aşy­ryl­m...

DOWAMY
pic
21 Few

TÜRKMENISTANYŇ ÖZBEGISTANDAKY ILÇIHANASY METBUGAT MASLAHATYNY GEÇIRDI

2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda daşary syýasy işleriniň jemleri hem-de ýurtda 2018-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara syýsy çärelere bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň wekilleri, ýurduň döwlet habarlar g...

DOWAMY