SOŇKY HABARLAR
GRUZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY MESELELERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, XXI ýüzýyllygyň bütindünýä ulag diplomatiýasy» ady bilen brifing geçirildi. Agzalan brifinge “Ahali Sakartwelo” media holdingiň ýolbaşçysy, Gruziýanyň at gazanan žurnalisty B.Naçkebiýa, “Rezonans” gazetiniň redaktory A.Gwimradze, “Geo traveller” halkara žurnalynyň redaktory N.Iloşwili, “Foreign Business Georgia” halkara žurnalynyň Ba...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerini şeýle-hem özara gyzyklanma bildirilýan ähmiýetli halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tejribede görnüşi ýaly özara hormata esaslanan köptaraplaýyn türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň girewi bolan iki Prezidentiň yna...
AŞGABATDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine AHHG-niň Müdiriýeti – Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, AHHG-niň esaslandyryjy-döwletleriniň DIM-niň wekilleri gatnaşdylar. Müdiriýetiň mejlisinde: Türkmenistanyň başlyklyk...
BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran şäheri) jenap Mujibur Rahman Buýan bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar. Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy gi...
Совместным концертом завершились Дни белорусской культуры
Состоялось торжественное закрытие Дней культуры Республики Беларусь в Туркменистане. Завершился праздник совместным концертом белорусских и туркменских артистов под сводами величественного Дворца мукамов. Масштабная творческая акция отразила стремление братских народов и их лидеров Гурбангулы Бердымухамедова и Александра Лукашенко к дальнейшему развитию дружественных связей, имеющих глубокие исторические корни и добрые традиции. Различные мероприятия, проведённые в рамках форума, значите...
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn görnüşde hem köptaraplaýyn görnüşde hem dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutna...