img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BELARUSIÝA RESPUBLIKASY - MINSK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Ýan

Milli we halkara bilermenleri sebitde senagat howpsuzlygynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda BMG-nyň ÝeYT-nyň “Senagat heläkçiliginiň serhetüsti täsiri hakyndaky” konwensiýasynyň jähtinden Merkezi Aziýada senagat howpsuzlygyny berkitmek boýunça bilermenler toparynyň maslahaty geçirildi. Taslama serhetüsti senagat heläkçilikleri ýüze çykanda sebitiň mümkinçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir, ol, degişli kanunçylygy, şeýle hem institusial hyzmatdaşlygy işläp taýýarlamakda we kämilleşdurmekde tejribesini teklip edýän Russiýa Federasiýasynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde dur...

DOWAMY
pic
26 Ýan

DUŞENBEDE “MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary wezipeli şahslaryň nobatdaky 12-nji mejlisine gatnaşdy. Onuň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary hem-de bu dowletleriň Täjigistanda akkreditirlenen ilçileri gatnaşdylar. Ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Me...

DOWAMY
pic
25 Ýan

DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...

DOWAMY
pic
24 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Thatipamula Wenkata Nagedra Prasad bilen duşuşygy boldy.  Ilçi işlän döwründe Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ý...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar.  Türkmen-belarus gatnaşyklary dostlukly ýurtlaryň ynama we açyklyga esaslanýan hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgas...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Amul-Hazar ylgaw taýaýjyklarynyň çyzgysy tassyklanyldy

Mälim bolşy ýaly,Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul-Hazar 2018” halkara awtomobil ýaryşy, şeýle hem welosiped ýaryşy we ylgaw ýaryşy geçiriler.  Bu deňi-taýsyz ýaryşa mekdep okuwçylarynyň we talyplar toparlary gatnaşyp, ol sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleiň ählisi üçin hakyky sport baýramyna öwrüler. Dürli şäherlerde we obalarda 10 we ondan köp tapgyrlara bölünen uzynlygy üç kilometre barabar menziller belleniler. Y...

DOWAMY
pic
24 Ýan

LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary  bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...

DOWAMY