Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-iň Orta Gündogar ýurtlary bölüminiň başlygy wekilçilik etdi. Türk wekiliýetine Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň Merkezi Aziýa we Türk döwletleri guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde möhüm faktor bolup çykyş edýändigini beýan ediler.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garadylar.
Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda halkara we sebit guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklara hem aýratyn üns berýändiklerini tassykladylar.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hereketleri utgaşdyrmaklygyň zerurdygyny nygtamak bilen, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň ähmiýetini belläp geçdiler. Söwda, energetika, gurluşyk, senagat we ulag ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni dialogy, ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklenma beýan edildi.